“SAGDYN DURMUŞ BAGTYÝARLYGYŇ KEPILIDIR“ ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany“ ýyly mynasybetli şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň  esasy ugurlarynyň biri bolan ýörelgelerden ugur alyp Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir“ atly maslahat  geçirildi.

 

Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna açyp, onda Aşgabat şäheriniň 132-nji mekdebiniň mugallymy Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň uly ylmy işgäri Mahym Nepesowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy Hajarbibi Handurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Bejeriş bedenterbiýe, saglygy dikeldiş we sport lukmançylyk kafedrasynyň mugallymy- Aýna Nyýazmyradowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hukuk üpjünçilik bölüminiň prokurory Jennet Orazowa,  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ”Olimp” orta sport mekdebiniň mugallymy Maýa Amandurdyýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdürliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň başlygy Rustem Salamatow çykyş etdiler. 

 

TKAMM-yň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi.

https://www.tkamm.gov.tm/tm/content/10241

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com