ÝYLYŇ EZBER ZENANLARY

Halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ar-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara sarpa goýup gelipdirler. Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün bagtyýar zamanamyzda, bagtly durmuşda ýaşaýar, zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa bu günki gün has-da belent derejelere göterilýär.

Ýakynda Babadaýhan etrabynda zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen, Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän ýurdumyzyň döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde zähmet çekýän çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň guramagynda, «Ýylyň zenany» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige ähli pudaklarda zähmet çekýän zenanlaryň 9-sy gatnaşyp, olaryň hersi öz ugurlary boýunça çykyş edip, kesp-kärlerini söýýändiklerini wasp etdiler. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda Watanymyzyň gülläp ösüşini özleriniň elişleriniň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, bäsleşikde zenanlaryň bä­şi­si — Ma­ýa Aman­na­za­ro­wa, Aýgözel Täşliýewa, Mähri Nazarowa, Aýtäç Altyýewa, Ogulnabat Hojamuhammedowa welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan ähli zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabarada türkmen zenanlarymyzyň mertebesini belende göterýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzyň şanyna etrabyň medeniýet işgärleriniň taýýarlan ajaýyp aýdymlary, joşgunly tanşlary tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ar­zy­gül NE­PE­SO­WA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ba­ba­daý­han et­rap Ge­ňe­şi­niň ha­sap­çy­sy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm