ÇEPER ELLI ZENANLARYŇ HÜNÄR BÄSLEŞIGI

Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni myna­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­kezi Ge­ňe­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi hem-de Türkme­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len «He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Diýa­ryň çe­per el­li ze­nan­la­ry» at­ly bäs­le­şi­giň ýer­li tap­gyr­lary do­wam ed­ýär. El hü­nä­ri­ne ez­ber zenanlaryň ara­syn­da­ky bu bäs­le­şik we­la­ýa­ty­myz­da gu­ra­ma­çy­lyk­ly we tä­sir­li ge­çiril­ýär.

Bä­her­den et­ra­by­nyň Arçman şä­her­çe­si­niň Me­de­ni­ýet öýün­de bu bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry ge­çi­ri­lip, ol çe­per el­li ze­nan­la­ra hü­när ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­mekde öz­bo­luş­ly sy­naga öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň et­rap bölü­mi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň hem-de et­ra­byň me­de­ni­ýet bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da geçirilen bäsle­şi­ge et­rap­da­ky Dok­ma we Ýüp­lük fab­rik­le­rin­de zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­lar has iş­jeň gat­naş­dy. Olar şan­ly se­nä bagyş­la­nan bäs­le­şi­giň çä­gin­de el iş­le­ri­niň, dok­ma önüm­le­riniň, dok­ma­çy­lyk­da ula­nyl­ýan gu­ral­la­ryň we se­riş­de­le­riň ser­gi­si­ni gu­ra­dy­lar we şo­lar dog­ru­syn­da tä­sir­li gür­rüň berdi­ler.

Ýur­du­my­zyň pa­jar­lap ösme­gi­ne uly go­şant goş­ýan ze­nan­la­ry­my­zyň ene-ma­mala­ry­myz­dan mi­ras ga­lan gadym­dan gel­ýän däp-des­sur­lary­my­za, edim-gy­lym­la­ry­my­za, urp-adat­la­ry­my­za goý­ýan sarpa­sy­ny, söý­gü­si­ni, ola­ryň milli ly­bas­la­ry­my­zy be­ze­ýän aja­ýyp na­gyş­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça us­sat­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­mak, şeý­le-de ýaş­lar­da türk­men ze­na­ny­na mah­sus asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ter­biýe­le­mek, mil­li ly­bas­la­ry­my­za bo­lan hö­we­si­ art­dyr­mak maksa­dy bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şikde oňa gat­na­şanlar de­giş­li şert­ler bo­ýun­ça ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di­ler. «Ga­dy­my na­gyşla­ryň syr­la­ry», «Sun­ga­tym bar — hor­ma­tym bar», «Kesbi-kä­rim ne­sil­le­re gö­rel­de» at­ly şert­ler bo­ýun­ça öza­ra bäs­le­şen­le­rin­de ola­ryň bäsle­şi­ge oňat taý­ýar­lyk­lar bi­len ge­len­di­gi­ äşgär boldy. Çy­kyşla­ryň her bi­ri ol ýe­re ýyg­na­nan il­deş­le­ri­miz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da me­de­ni oja­gyň giň eý­wa­nyna ýyg­na­nan mäh­rem ene­leriň ýaş­la­ra mil­li el iş­le­ri­niň we aja­ýyp ly­bas­la­ryň aý­ra­tyn­lygy, öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len bag­ly be­ren gür­rüň­le­ri­ni diň­le­mek has-da ýa­kym­ly bol­dy. Bu gür­rüň­ler bäs­le­şi­ge gat­naşy­jy­lar­da-da, ol ýe­re ýyg­nanan beý­le­ki ge­lin-gyz­lar­dada ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­dy. Et­ra­byň me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň gyz­lar to­pa­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­lanan aý­dym-saz­lar bu çä­rä baý öwüş­gin çaý­dy. Onuň ahy­ryn­da emin ag­za­la­ry bäsle­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni yg­lan edip, baý­rak­ly orun­la­ra eýe bo­lan çe­per el­li ze­nan­la­ra, şeý­lede bäs­le­şi­giň çä­gin­de öz el iş­le­ri­niň ser­gi­si­ni gu­ran gelin-gyz­la­ra ýö­ri­te sow­gat­la­ry gow­şur­dy­lar. Bäs­le­şik­de birin­ji we ikin­ji or­ny eýe­län zenan­lar we­la­ýat de­re­je­sin­dä­ki tap­gy­ra gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com