BERKARAR ÝURDUŇ BAGTYÝAR GÖZELLERI

BERKARAR ÝURDUŇ BAGTYÝAR GÖZELLERI

    •  
    •  

    Gök­de­pe et­ra­by­nyň Me­de­ni­ýet köşgün­de «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň bu tap­gy­ry­na et­ra­byň çä­gin­den öň­de­ba­ry­jy ze­nan­lar gat­naş­dy.

    Ze­nan­lar no­bat­ma-no­bat çy­kyş edip, öz­le­ri­niň jem­gy­ýet­de tut­ýan or­nu­na we alyp bar­ýan iş­le­ri­ne, hü­nä­ri­ne la­ýyk­lykda de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça ukyp-ba­şarny­gy­ny gör­kez­di. Ola­ryň ýur­du­myz­da ze­nan­la­ra go­ýul­ýan sar­pa­dan ruh­la­nyp, «Ýy­lyň işe­wür ze­na­ny», «Ýy­lyň çe­per el­li ze­na­ny», «Ýy­lyň sun­gat­da iş­jeň zena­ny», «Ýy­lyň mäh­rem ze­na­ny», «Ýy­lyň wa­tan­çy ze­na­ny», «Ýy­lyň öň­de­ba­ry­jy oba ze­na­ny», «Ýy­lyň te­le­ke­çi ze­na­ny» ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bol­mak hyju­wy ýe­ri­ne ýe­ti­ren çy­kyş­la­ryn­da aý­dyň du­ýul­dy. Bu bol­sa bäs­le­şi­giň tä­sir­li geçme­gi­ni şert­len­dir­di.

    Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik­de ze­nan­laryň hü­när ba­şar­ny­gy­na my­na­syp ba­ha be­ril­di we her ugur bo­ýun­ça ta­pa­wutla­nan­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy hem-de ola­ra we­la­ýat tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk be­ril­di. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­menis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan sy­lag­landy.

     

    Nurjahan HOJAÝEWA, TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy.

    © TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com