UKYP-BAŞARNYKLARYNY GÖRKEZDILER

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň her ýyl yglan edýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary işjeň ýagdaýda dowam edýär. Oňa jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, olar türkmen zenanlarynyň ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza, hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky çynlakaý aladalaryna hoşallyklaryny ukyp-başarnyklary, görkezme çykyşlary bilen beýan edýärler.

Bu bäsleşigiň ýakynda geçirilen Ruhubelent etrap tapgyry baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Bäsleşige gatnaşýan zenanlar özleriniň zähmet çekýän ulgamlarynda alyp barýan işlerini, mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşine goşýan goşantlaryny, zenan maşgalanyň jemgyýetdäki, maşgaladaky ornuny giňden açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň geçýän ýerinde el işleriniň, dokma önümleriniň, hormatly Prezidentimiziň akyl-paýhasa ýugrulan kitaplarynyň sergisiniň, etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň, tans toparynyň çykyşlarynyň guralmagy onuň täsirliligini has hem artdyrdy. Özleriniň guramaçylyk ukyplaryny, milli medeni mirasymyzy ile yaýmakdaky hyzmatlaryny, çaga terbiýelemekdäki, telekeçilikdäki başarnyklaryny açyp görkezen gelin-gyzlar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Öz habarçymyz.

***

Bäsleşigiň S.A.Nyýazow adyndaky etrap tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Bäsleşige gatna- şan zenanlar özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça çykyş etdiler.

Çykyşlarda «Zenan mähek daşydyr» diýen pä- himden ugur alýan aýal-gyzlar maşgalada, çaga terbiýesinde, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde bitirýän işlerini hem-de milli ýol-ýörelgelerimizi we el hünärlerini açyp görkezmekde özara bäsleşdiler.

Olardan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Şatlyk geňeşliginiň Geňeşiniň kätibi Saýara Orazmetowa hem-de etrap bilim bölüminiň hünärmeni Jahan Garrybaýewa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça medeniýet işgärleri Gözel Annamedowa hem-de Selbi Ilýasowa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça medeniýet işgäri Maral Garaganowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça 28-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Bekmetowa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmaty üçin» diýen ugur boýunça Adalat geňeşliginiň Geňeşiniň kätibi Aýlar Amanmyradowa dagy bäsleşigiň şertleri boýunça tapawutlanyp çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji diýlip yglan edilen gyz-gelinler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle hem ýeňijilere TKA-nyň etrap birleşmesiniň sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

 

Begsoltan HALYLOWA, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň medeniýet merkeziniň direktory.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm