ZENAN — ZEMINIŇ ZYNATY

Türkmen zenanlarynyň maşgaladaky ornunyň uly bolşy ýaly, olaryň jemgyýetdäki orny hem uludyr. Şunlukda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda zenan sarpasy has-da belentde tutulýar, olar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ak ýürekden zähmet çekýärler. Maşgala ojagynyň sütüni bolan zenanlarymyzyň bagtyýarlyk döwrümize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýandyklaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän bimöçber aladalaryna hoşallyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň her ýylda yglan edýän «Ýylyň zenany» atly bäsleşigi tapgyrlaýyn dowam edýär.

Ýakynda bu bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň giň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşik ýakymly, ýatdagalyjy pursatlaryň birine öwrüldi. Baýramçylyk ruhuna beslenen bäsleşikde zeminiň zynaty hasaplanýan zenanlar onuň şertinde görkezilen ugurlar boýunça öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Olar «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça özara bäsleşdiler.

Zenanlar milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, el hünär çeperçiligini hemde maşgalada çagalaryň watansöýüji, ilhalar bolup ýetişmeginde, olaryň edep-terbiýesinde we ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlerine öz goşantlaryny goşmakda bitirýän işlerini ussatlyk bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda göwüngöteriji aýdymdyr sazlar, şowhunly tanslar belentden ýaňlandy.

Bäsleşigiň şertinde görkezilen ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezen zenanlaryň çykyşlaryna baha beren adalatly eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýeňijiler kesgitlendi. Olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Baýramçylyk ruhunda geçen bäsleşigiň ýeňijilerine TKA-nyň welaýat birleşiginiň adyndan ýadygärlik sowgatlar uly dabara bilen gowşuryldy.

 

Gözel SEÝIDOWA, «Daşoguz habarlary».

***

Bäsleşigiň Akdepe etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň mejlisler eýwanynda bolup geçen tapgyry köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, bilimde, sportda, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmetleri bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýan gelin-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdy. Olar önümçilik pudaklarynda gazanan ýokary zähmet üstünliklerini, ýaş nesli terbiýelemekdäki, ýaşlaryň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary ugrunda alyp barýan okuw-terbiýeçilik işlerini, milli medeniýetimizi ösdürmekdäki, asyrlardan aşyp gelýän zenanlaryň el iş sungatyny zamanabap röwüşde kämilleşdirmekdäki zehin-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Zenanlaryň çykyşlarynyň etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň şirin owazly aýdymdyr sazlary, tans toparynyň ajaýyp tans görnüşleri bilen utgaşdyrylmagy oňa gatnaşyjylaryň kalplaryny has hem joşdurdy. Baýramçylyk ruhunda geçen bäsleşikde iş başarjaňlygy, zehin-ukyplary bilen tapawutlanan zenanlar öňe saýlandylar we olar şu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolanlar TKA-nyň etrap birleşmesiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

***

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap we şäher tapgyrlary hem göwün galkyndyryjy pursatlara baý boldy. Bäsleşigiň geçen ýeri bolan etrabyň medeniýet merkeziniň giň sahnasy zenanlaryň owadan kalplaryna kybap röwüşde bezelipdir. Girelgede aýal-gyzlaryň inçe senedi bolan el işleriniň, dokma önümleriniň, döwrümiziň bedew batly ösüşlerini şekillendirýän nakgaşçylyk işleriniň sergisiniň guralmagy bäsleşigiň many-mazmunyny has hem baýlaşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan belent sarpasyndan, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzy gülläp ösdürmek ugrunda alnyp barylýan uly möçberli işlerden ruhlanýan gelin-gyzlar öz çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetimizde zenanlaryň eýeleýän ornuny, olaryň maşgala ojagyny berkitmekde, nesillerimiziň saglygyny goramakda bitirýän işlerini, halkymyzyň ruhy-medeni, durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşantlaryny giňden beýan etdiler. Dabaraly geçen bäsleşik jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde zenan maşgalanyň hyzmatynyň örän ýokarydygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Bäsleşigiň dowamynda etrabyň we şäheriň medeniýet, sungat işgärleriniň aýdym-sazly, şowhunly çykyşlary oňa gatnaşyjylara aýratyn ruhy lezzet paýlady.

Ýokary guramaçylykly geçen bäsleşigiň ahyrynda onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazananlar mälim edildi. Olara TKA-nyň etrap we şäher birleşmeleriniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Annageldi BEKIÝEW, öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com