DOKMAÇY ZENANLAR

 

    •  
    •  

    Gökdepe etrabyndaky Pagta egriji fabriginde «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat gelin-gyzlar gatnaşdy.

    Aýdo Şekerow

    Halkara zenanlar gününe bagyşlanýan bäsleşigiň etrap tapgyry örän täsirli geçdi. Fabrigiň mejlisler jaýynda bolan bäsleşige gatnaşyjylar el işleriň, dürli dokma önümleriň sergisini guradylar. Uly gyzyklanma döreden serginiň barşynda çeper elli zenanlar el işlerini ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary we milli lybaslary dokamagyň inçe ýollary hakynda gyzykly gürrüň berdiler.

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap bölüminiň, şeýle-de TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige gatnaşyjy zenanlar onuň şertlerini ýokary derejede berjaý etdiler. Zenanlaryň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly şertler boýunça çykyşlary olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan gadymdan gelýän däp-dessurlara, edim-gylymlara, urp-adatlara goýýan sarpasyny, söýgüsini, milli lybaslary bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy. Şoňa görä-de, emin agzalary zenanlaryň hünär ukyp-başarnygyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitledi. Bäsleşigiň etrap tapgyrynda birinji we ikinji orna mynasyp bolan dokmaçy zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

     

    Mergen MÄMMEDOW, Gökdepe etrabyndaky A.Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

    © TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com