EKOLOGIÝA SYÝASATYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ählumumy wezipe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen çäre «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli, şeýle-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak bilen baglanyşykly gelip çykýan wezipelere bagyşlanyldy.

Maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň müdiri Akmyrat Atamyradow, Çöller we haýwanat dünýäsi milli insitutynyň uly ylmy işgäri Aky Ýaraşow, şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Ogulgerek Kössekowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Geňeşiň başlygy Berdimyrat Rozyýew çykyş etdiler.

surata düşüren

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp ähmiýetli bolup durýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda ekologiýa pudagy ýaly möhüm ugurlarda dünýä döwletleri, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologik köpdürlüligi hakynda, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we netijeli peýdalanmak bilen bagly tebigaty goramak boýunça konwensiýalary tassyklady. Mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary bu günki gün dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek barada Sebitara merkeziniň açylmagy, BMG-niň Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny goramak, sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça Ýörite maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny galdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak ugrunda beýik işleri alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýbölek ABDYRASULOWA, «Watan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com