«ÝYLYŇ ZENANY» ATLY BÄSLEŞIK

Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda zenanlarymyzyň yhlasly zähmetleri bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we halklaryň dost-doganlygy ugrunda amala aşyrylýan beýik işlerimize özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem bu gün Garaşsyz döwletimizde olaryň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi belentdir» diýen sözleri bu gün zenanlaryň ýüreklerine egsilmez buýsanç duýgularyny berýär.

Zenanlaryň ähli ulgamlardaky ornuny we ýagdaýyny gowulandyrmaga tagallalary birleşdirmek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Dänew etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda, ýakynda Dänew şäheriniň Medeniýet öýüniň binasynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orna etrapdaky 22-nji Çagalar bagynyň müdiri Laçyn Haýdarowa, 2-nji orna etrapdaky 1-nji Çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülaýym Taşowa, 3-nji orna etrapdaky 3-nji Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Aýgül Hudaýberdiýewa mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

Laçyn ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com