GELIN-GYZLAR BÄSLEŞDILER

Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuny, olaryň maşgala ojagyny berkitmekde, nesillerimizi terbiýelemekde, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan saldamly goşandyny görkezmek wajyp bolup durýar. Zenanlaryň önümçilige we ýurduň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek,olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl  “Ýylyň zenany” ady bilen yglan edilýän bäsleşige şäherimiziň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda şäherimizde ýerleşýän ýöriteleşdirilen (kömekçi) mekdep-internatyň mejlisler zalynda şäher zenanlar geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Onda şäher medeniýet öýüniň işgäri Uzukjemal Ballyýewa, şäherdäki 7-nji çagalar bakja-bagynyň işgäri Tawus Bäşimowa ýeňiji boldular. Ýeňijilere TKA-nyň şäher birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşurylyp, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara, enelere goýýan sarpasyna özleriniň ýürek buýsançlaryny alkyşly sözlerde beýan etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com