ÇEPER ELLI ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşiginiň Gökdepe etrap tapgyry geçirildi.

Gökdepe pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda Gökdepe etrabynyň zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň, S.A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň, Gökdepe pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu gyzykly bäsleşige etrabyň dokma ulgamynda zähmet çekýän zehinli zenanlar gatnaşdylar. Zenanlar dokma senagaty pudagynda ösüşleri wagyz etmekde, gelin-gyzlarda tikinçilik hünärine söýgi döretmekde, tikin önümlerini mahabatlandyrmakda bäsleşdiler. Şeýle-de, zenanlarymyzyň gözelligine gözellik goşýan, müňýyllyklaryň dowamynda janly rowaýata öwrülip, zenan edebine ýugrulan keşdeli milli lybaslarymyzy döretmekde, ata-babalarymyzdan miras galan, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza goýulýan sarpany beýan etmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslaryny bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmekde zehinlerini synadylar. Zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri, ýaşlarda milli nagyşly lybaslarymyza söýgini ündeýän çykyşlary guradylar.

Öňe saýlanan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň dowamy, etrabyň medeniýet işgärleriniň ýerine ýetirmeginde, aýdymdyr sazlar bilen utgaşyp gitdi. Bäsleşige gatnaşanlar gelin-gyzlarymyzyň yhlasly we döredijilikli işlemekleri, milli däp-dessurlarymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kerim GERMANOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com