ZEMINIŇ GÖRKI — ZENAN

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan medeni-köpçülik çäreleri, dürli bäsleşikleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar zenanlarymyzyň çekýän döredijilikli zähmetlerini wasp etmekde, höwesjeň zenanlaryň ukyp-zehinlerini açyp görkezmekde oňyn netijeleri berýär.

Şeýle bäsleşikleriň biri hem «Zeminiň görki — zenan» diýen at bilen geçirilýän bäsleşikdir. Ýakynda bu bäsleşigiň Garagum etrap tapgyry Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Garagum etrap bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda, guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar surat çekmek, el işleri, heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşýan zenanlaryň taýýarlan işlerinden guralan sergi hem tomaşaçylara hödürlendi.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, her bir ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenip, olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar günlere, ýurdumyzy uly üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gandym ORAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com