ZENAN BAŞARNYGY

Ajap eýýamymyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan zenanlarymyz mähriban Prezidentimiziň özlerine goýýan belent hormat-sarpasyndan, Watanymyzyň abraý-mertebesini galdyrmakda türkmen topragymyzda bitirilýän beýik işlerden ganatlanýarlar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap hökmünde zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda “Ýylyň zenany” bäsleşigini yglan etdi.

Bu bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlary üstünlikli geçirilýär. Ahlak gözelliginiň nusgasy, edep-terbiýäniň özeni bolan zenanlaryň häzirkizaman jemgyýetinde tutýan ornuny, maşgala ojagyny berkitmekde, nesil sagdynlygyny goramakda goşýan goşandyny görkezmek wajyplygyndan ugur alnan bäsleşigiň etrap tapgyry Peşanaly şäherçe medeniýet öýünde aýdym-saza beslenip geçirildi. Etrap häkimligi, etrap zenanlar geňeşi hem-de TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan bäsleşige edara-kärhanalardan, medeniýet öýlerinden kärdeşler arkalaşyklarynyň işewür agzalarynyň birnäçesi gatnaşdy.

Dürli ugurlaryň 7-si boýunça bäsleşen zenanlar ýerlerde alyp barýan wagyz-nesihat işleri, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, el hünäri, milli ruhy gymmatlyklarymyz, obalary ösdürmek, telekeçiligiň ösmegine goşant goşmak, medeni mirasy dünýä ýaýmak, ilhalar perzentleri terbiýelemek ýaly işlerde bitiren hyzmatlaryny beýan etdiler.

Netijede, etrapdaky 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Oguljan Garaýewa baýrakly birinji, etrap medeniýet bölüminiň çäre gurnaýjysy Oguljahan Resulowa ikinji, Peşanaly oba medeniýet öýüniň çäre guraýjysy Göwher Sapargeldiýewa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew sowgat gowşurdy. Olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Merjen AMANGELDIÝEWA, TKA-nyň Mary etrap birleşmesiniň hünärmeni.

 

***

Berkarar Watanymyzda zenanlara hormat-sarpa goýulýar. Olar barada alnyp barylýan işlerde, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan ugur alynýar. Halk hojalygynyň dürli pudagynda yhlasly zähmet çekýän zenanlarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahatçylyk, dost-doganlyk syýasaty babatda amala aşyrylýan beýik işlere goşýan goşandyny, ukyp-başarnygyny açyk görkezmek maksadynda yglan edilen “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry dabara beslenip geçirildi.

Etrap zenanlar geňeşi, TKA-nyň etrap birleşmesi, medeniýet bölüminiň bilelikde guran bäsleşiginde türkmen gelin-gyzlaryna mahsus ajaýyp el işleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasly kitaplarynyň sergisi guraldy. Bäsleşik etrap medeniýet öýüniň taýýarlan aýdym-sazly we folklor çykyşlaryna beslendi.

Bäsleşige telekeçi zenan Hajar Gulalyýewa, etrapdaky 1-nji hem-de 7-nji orta mekdepleriň mugallymlary Maral Hydyrowa, Çynar Muhammedowa, medeniýet işgärlerinden Mähri Nursähedowa, Gülnar Meredowa gatnaşyp, göz öňünde tutulan ugurlar boýunça bellenilen  şertleri başarnykly ýerine ýetirdiler. Eminleriň gelen netijesine görä, ýeňiji diýlip yglan edilen telekeçi zenan Hajar Gulalyýewa bäsleşigiň “Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin” diýen ugry boýunça çykyş edip, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy we TKA-nyň etrap birleşmesiniň sowgady bilen sylaglanyldy.

 

Ejebaý ATAGARRYÝEWA, Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory, TAP-nyň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com