Şanly baýramyň ýalkymy

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, TDP-niň şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Baky bagtyýardyr türkmen zenanlary» atly dabara geçirildi. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maglumatlar merkezini joşguna beslän baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler gelingyzlary Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Soňra «Gara altyn» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren tanslary, şeýle-de ata Watan, bahar pasly, mähriban eneler, ýaşlyk we söýgi baradaky şirin owazly aýdymlar dabara özboluşly bezeg berdiю

 Baý­ramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com