BAGTYÝAR ZENANLARYŇ ŞANYNA

Welaýatymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Edarakärhanalarda, guramalarda, medeni ojaklarda geçirilýän dabaralara bagtyýar gelin-gyzlar, mährem eneler ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň dabaralar jaýynda bolan dabara şowhunly baýramçylyk şüweleňleriniň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly baýramçylyk dabarasyny welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň ähli ýerinden halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işeňňir zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy. Bereketli toý saçagynyň başyna jem bolan bagtdan paýly zenanlar ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýurdumyzda gelin-gyzlara, enelere goýulýan sarpa dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi ugrunda döredýän ajaýyp şertleridir mümkinçilikleri barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen tanslar we halk döredijilik çykyşlary ähliniň kalbyny heýjana getirdi. Belent ruha beslenen çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň, Arkadagly döwrümiziň bagtyýar zenanlarynyň, päk söýginiň waspy öz beýanyny tapdy hem-de baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy. Dabara gatnaşyjy zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi. Bagtyýar zenanlar özleri hakda edilýän bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com