ENELERIŇ HORMATY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda her bir şanly sene egsilmez şatlyk-şow-hunly bellenilip geçilýär. Düýn uludan toýlanan Halkara zenanlar gününiň dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirendikleri we terbiýeläp ýetişdirendik-leri üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleri sylaglamak dabarasy toýa baý öwüşgin goşan ajaýyp wakalaryň biri boldy. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimligi,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölü-mi, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi itarapyndan guralan da-bara edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar. Türk-menistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler toý dabarasynyň iň arzyly myh-manlary boldular. Dabara baýramçylyk gutlaglary bilen başlandy. Onda çykyş edenler gelin-gyzlary, eneleri Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlap, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, olaryň şanyna uludan toýlanýan toýuň ähmiýeti barada söz açdylar. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň dürli pu-daklarynda, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işi bilen meşgullanýarlar, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi zenanlaryň ýurdumyzyň gül-läp ösmegine saldamly goşant goşýandyklaryny alamatlandyrýar. Dabarada türkmen zenanlarynyň mertebesini, sarpasyny belende göterendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyşly sözler beýan edildi. Toý gününde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar ze-nanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň iň şatlykly we ýatda galyjy pursadyna öwrüldi. Dabaranyň özboluşly bezegi bolan mährem eneler şol aja-ýyp pursatda Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşyny ýürek buýsançly sözleri bilen beýan etdiler. Ýur-dumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek şanly ýylymyzyň şu şatlykly günle-rindehormatly Prezidentimiziň Permany bilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirendikleri üçin Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna ahally eneleriň ýigrimiden gowragy mynasyp boldy. Ajaýyp dabarada şol eneleriň ählisi sarpalandy, olara sylag-serpaýlar ýapyldy. Medeni ojagyň baýramçylyk sahnasyny bezän şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlar, millilige ýug-rulan tanslar şol günki dabaranyň şowhunyny artdyrdy

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com