ZENAN SARPASY

Ýakyn­da Sa­rahs et­rap mede­ni­ýet öýün­de et­rap hä­kim­ligi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­lary­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da, «Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar ze­nan­la­ry” di­ýen at bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa et­rabyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň ýolbaş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­rama­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şä­her we oba ge­ňeş­lik­le­ri­niň ge­ňeş­le­riniň ar­çyn­la­ry, et­rap ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­la­ry, köp ça­ga­ly ene­ler, ýa­şu­ly nesliň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­binde ga­ra­lan me­se­le bo­ýun­ça Sa­rahs et­rap hä­ki­mi­niň orunba­sa­ry Je­ren Ab­dy­ýe­wa giňiş­le­ýin çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­galla­sy bi­len ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler, hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, däp-des­sur­la­ryny do­wam et­dir­mek­li­ge dö­re­dilen giň müm­kin­çi­lik­ler, türk­men maş­ga­la­sy­nyň gö­rüm-gö­relde­si, ça­ga­la­ry mil­li ru­hu­myz­da ter­bi­ýe­le­mek­de ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­leri dog­ru­syn­da aý­dan­la­ry oňa gat­na­şan­lar ta­ra­pyn­dan üns ber­lip diň­le­nil­di. Soň­ra et­rapda­ky 18-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Je­ren Gurt­ja­no­wa, ýa­şu­ly­nesliň wekili Şa­ku­ly Taga­now we beý­le­ki­ler öz çy­kyşla­ryn­da Türk­me­nis­tan döwle­ti­mi­ziň gül­läp –ös­me­gin­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­da­k­la­ryn­da ama­la aşy­rylýan öz­gert­me­ler­de ýur­du­myzyň ze­nan­la­ry­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik işle­ri­ne gat­na­şy­gy, maş­ga­la­da öý-oja­gy­nyň mu­kad­des­li­gi­ni sak­lap, ça­ga ter­bi­ýe­le­mek­dä­ki my­na­syp orun­la­ry dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin bel­le­di­ler. Olar şeý­le maz­mun­ly mas­la­hat­la­ryň we wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­rynyň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy ha­kyn­da aý­ra­tyn du­rup geç­di­ler.

Wepa ÝAZGYLYJOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşiginiň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com