Habarlar

      “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda däp boýunça ady dünýä dolan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň hormatyna  Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýyly “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip yglan etmegi bilen baý medeni mirasa eýe bolan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki wagtda Milli Liderimiz taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça amal edilýän ähli işler giň gerimli özgertmeleriň baş maksadyndan gözbaş alýar.

       Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň üstünliklerini, täze belentliklerini, milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Dilde sena waspyň türkmen bedewi!” atly dabaraly gepleşik ýazgysy geçirildi. Ýazgyda Aşgabat şäheriniň ýaşuly zenanalary Sahatowa Ogulbossan we Akmyradowa Ogulnäzik, Aşgabat şäheriniň 1-nji Saglyk oýüniň maşgala lukmany Bekowa Nurjemal, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Ylýasowa Göwher, Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri Öräýewa Gunça we S.A.Nyýazow ad. türkmen döwlet Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Ahmedowa Gülnar çykyş etdiler.

       Ýazga gatnaşanlar ýurdumyzda ynsan saglygyny döwletiň baýlygy hasaplap, “sagdyn bedende sagdyn ruh” ýörelgesine eýerip alnyp barylýan beýik işler üçin, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzy äleme ýaýmakda ýadawsyz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com