Baky bagtyň binýady

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hem-de Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň bilelikde guramagynda Gurbansoltan eje adyndaky Bagt köşgüniň mejlisler zalynda «Bi­ta­rap­lyk — bag­ty­ýar­ly­gyň bin­ýa­dy, milli kanunçylygyň kämilligi» atly duşuşyk geçirildi. Oňa mährem eneler, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komitetiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň gülläp ösüşi, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barha rowaçlanýandygy, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa, belent ynsanperwerlige ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, dünýä döwletleriniň, halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi barada guwanç bilen bellediler. Isgender NURLAÝEW

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm