GYZ EDEBI — IL EDEBI

Ýakynda Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli wagyznesihat maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan maslahata edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmetkeşleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Welaýat häkimi Jennet Geldymamedowa «Gyz edebi — il edebi» atly maslahaty açmak bilen, onuň ähmiýeti barada gürrüň etdi hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary barada edýän bimöçber aladalaryna ünsi çekdi. Onuň ýurdumyzda zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigi, döwlet tarapyndan birnäçe ýeňilliklerden peýdalanýan zenanlarymyzyň mynasyp durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleriň üpjün edilýändigi baradaky gürrüňleri gyzgyn goldaw tapdy. Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Gurbangül Ataýewanyň çykyşy täsirli boldy. Ol çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, ýurdumyzyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlaryndaky ösüşleri dogrusynda aýdyp, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, ahlak kadalary, urp-adatlar baradaky gürrüňe aýratyn ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, türkmen jemgyýetinde zenanlara aýratyn sarpa goýlup, olaryň halk hojalygynyň köp pudaklarynda netijeli zähmet çekmegi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagy, watansöýüji nesilleri terbiýelemegi ugrunda bimöçber tagalla edilýär. Bu gün zenanlaryň eşretli durmuşy we bagtyýarlygy ugrunda edilýän alada olaryň mertebisini belende göterýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jennet Öwekowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Maksat Çaryýewiň, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Annaşeker Nurmämmedowanyň çykyşlarynda ýurdumyzda maşgalany goramakda, maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde alnyp barylýan işler, aýal-gyzlaryň edep-ekramy, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi, şeýle-de sagdyn durmuş kadalary hakynda söz açylyp, şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Şeýle mazmunly maslahatlar welaýatymyzyň Bäherden, Ak bugdaý etraplarynda hem geçirilip, olara gatnaşanlar ata Watanymyzda raýatlarymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, ähli taraplaýyn ösen aňdüşünjeli, sagdyn we kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com