Täsirli duşuşyk

Ahal we­la­ýat Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň mü­dir­li­gin­de türk­me­niň mil­li­li­gi­ni we däp-des­su­ry­ny wa­gyz-ne­si­hat et­mek bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat duşu­şy­gy ge­çi­ril­di. We­la­ýa­tyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry, po­li­si­ýa mü­dir­li­gi hem-de de­giş­li eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ra­lan du­şu­şy­ga ýaş­lar gat­naş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ýur­du­my­zy döw­re­bap ösüş­le­re bes­le­mek, mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li gym­ma­ty­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ryn­dan ugur al­nyp ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da tä­sir­li çy­kyş­la­ra giň orun be­ril­di. Çy­kyş­lar­da bel­leni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da baý me­de­ni mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­mak, ýaşla­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, ýaş nes­li berk be­den­li, mak­sa­da ok­gun­ly, ru­hu­be­lent adam­lar edip ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da öň­de go­ýlan aý­dyň we­zi­pe­le­ri­dur­mu­şa ge­çir­mek şu gü­nüň möhüm we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Ýaş­lar öz­le­ri hak­da edil­ýän ala­da ne­ti­je­li we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­me­li­dir. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da mil­li däp-des­sur­la­rymyza sar­pa goý­mak, ola­ra eýer­mek bo­ýun­ça aý­dy­lan öwüt-ün­dew­ler uly tä­sir­le­ri dö­ret­di. Duşu­şy­ga gat­na­şan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li döw­re­bap baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di­ler. Güljeren ÖWEZMYRADOWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com