Etrabyň çeper halyçylyk kärhanasynda bolan duşuşyk

 Etrabyň çeper halyçylyk kärhanasynda bolan duşuşyga ol ýerde zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlaryň uly topary gatnaşdy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda milli ýol-ýörelgelerimiz, maşgala gymmatlyklary barada gürrüň edildi, nepis halyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmekde çeper elli halyçylaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti hakynda aýratyn durlup geçildi. Duşuşykda türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän ýagşy gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk hakynda aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Oňa gatnaşyjylar täze taryhy döwrümizde milli däplerimize aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com