BAGTYÝAR ZENANLAR — WATAN BUÝSANJY

Zenanlar hakda söhbet edilende Gahryman Arkadagymyzyň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýip, bellän sözleri kalbyňa dolýar. Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimizdir. Öý-ojaklaryň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň şu günümize gelip ýeten, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirijilerdir. Olar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler. Şonuň bilen bir hatarda, zenanlar mynasyp nesil terbiýesiniň gözbaşydyr. Şonuň üçin biz merdana pederlerimiziň «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen ýaly pähimlerinden ugur almak bilen, olaryň giň dünýägaraýyşly, watançy, ahlak taýdan arassa, zähmetsöýer nesilleri terbiýelemekde mähriban enelerimiziň we zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna uly baha berýäris. Ene her bir ýagdaýda perzendini bagyşlap bilýän ynsandyr. Akyldaryň aýtmagyna görä, «Eneleriň ýüregi giňdir, çünki oňa perzendi bagyşlamak buýrulandyr». Şu ajaýyp sözlerden hem görnüşi ýaly, ene her zaman öz balasyny bagyşlap bilýändir. Ynsan balasynyň göwresinden jan beren, ýaşaýşa getiren mukaddes enesine bolan buýsanjy, guwanjy bimöçberdir. Her bir ynsan balasynyň öz enesiniň öňünde ümmülmez umman deý perzentlik borjy bardyr. Şeýle uly borç barada Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde: «Ata-ene görejiň nurudyr». Olaryň haky Taňrynyň haky bilen deňdir» diýip ýazýar. Şeýle hem «Kowusnama» kitabynda ata-enäniň göwnüne degmeli däldigi, olaryň ýüregine bitmez ýara salmaly däldigi, ynjydylmazlygy aýdylyp geçilýär. Ene päkize köňül köşgünden joşup çykýan ajaýyp hüwdüsi bilen perzendini apalaýar. Ene hüwdüsi uly bir simfoniýa. Ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Watan — «ata», toprak bolsa «ene». Çünki, «Watan» diýmek mukaddes toprak diýmekdir. Biz atalarymyzyň arzuwyny hasyl edip, ene topragymyzyň üstünde Berkarar döwletimizi bina etdik. Şol döwletde adamlaryň dünýä örküniň berkligini teswirleýän edebi sena — bu «ene hüwdüsidir». Hüwdi bilen çaganyň aňyna ornaýan mähribanlyk onuň kindiwanja ýüreginde ýagşylygyň indi şinelemeli dänesidir. Mähriban käbämiň hüwdi aýdan pursatlaryny diňläsim gelýär. Belki, ynanmarsyňyz, ýöne uly adamlaryň hem şeýle arzuwy bolup bilýär ahyry. Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Eneler Watany goramagyň, maşgala ojagyna wepalylygyň, merdi-merdanalygyň, zähmetsöýerligiň nusgasyny döredip bilýän zenandyr. Zenan edepekramy — gözellikdir. Zenan mertebesi gözellikdir. Tutuş adamzat gözellige maýyldyr. Zenanlar ýaşaýşyň bezegidir, adamzat nesliniň dowam etdirijisidir. Türkmenlerde zenanlara milli buýsanç, genji-hazyna, başlaryň täji, ruhy dünýäniň baýdagy hökmünde seredilýär. Şonuň ýaly-da zenanlar agzybirligimizi, bitewüligimizi pugtalandyrmaga, ynsanperwer däplerimizi rowaçlandyrmaga, medeniýetimizi ösdürmäge, şonuň ýaly-da geljekki Watan eýeleri boljak nesillerimizi ösdürip ýetişdirmäge mynasyp goşant goşýarlar. Zenanlarymyzyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalany, şeýle hem çagalygy we eneligi goldamak babatda döwletimiz beýik sepgitlere ýetdi. Bu ugurda halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen oňyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde adam hukuklary boýunça möhüm ähmiýetli konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň ýüzlerçesine goşulmagy guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda BMG-niň Aýallar babatynda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda, Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky, Halkara Zähmet Guramasynyň erkeklere we aýallara deň gymmatly zähmet üçin deň töleg hakynda we beýleki halkara hukuk resminamalary görkezmek bolar. Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidýän milli kanunçylygyň ösüşinde hem aýal-gyzlaryň erkekler bilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň we olary durmuşa geçirmekde deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň ileri tutulmagy ata-babalarymyzyň durmuşda eýeren zenan sarpasynyň hormatlanmagynyň deňhukuklylyk ýörelgesi bilen sazlaşykda ýüze çykýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda, Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikler bardygy kesgitlenen. Bu bolsa jemgyýetimizde deňhukuklylygyň ýokary derejede berkidilmeginiň hem-de kämilleşdirilmeginiň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegini kesgitleýär. Kanunyň berýän düşünjesine görä, deň hukuklar bu döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny şertlendirýän, döwlet tarapyndan bellenilen hem-de goralýan kadalar we düzgünlerdir. Deň mümkinçilikler bolsa, aýallaryň we erkekleriň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlaryna deň gatnaşmagynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan serişdeleriň we şertleriň bolmagydyr. Kanunda, Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny hem-de deň mümkinçiliklerini, şeýle hem milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe we maşgala ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, kanunyň öňünde deňligi bellenilýär. Şeýle hem, döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaşmaklaryny kesgitleýär. Döwlet saglygy goraýyş çygrynda, bilimde, ylymda, medeniýetde, zähmetde we durmuş taýdan goramakda, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki çygyrlarynda gender deňligini üpjün edýär. Mundan başga-da aýallaryň we erkekleriň jemgyýetiň hem-de döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmagyna bolan deň hukuklary üpjün edilýär, ýagny, döwlet aýallara we erkeklere gösgöni ýa-da öz saýlanan wekilleriniň üsti bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga, döwlet aýallara we erkeklere döwlet gullugynda işlemäge deň hukugyny, olaryň döwlet wezipesine bellenilmäge ýa-da saýlanylmaga, döwlet aýallara we erkeklere döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerine halkara derejesinde wekilçilik etmeginde we halkara guramalarynyň işine gatnaşmagynda deň mümkinçiliginiň bardygy barada ady agzalan kanunda kesgitlenendir. Häzirki wagtda ýurdumyzda enelik döwlet tarapyndan goralýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy diňe bir durmuş goldawy öz içine alman, eýsem, hukuk goragyny-da öz içine alýar. Döwletimizde eneligiň we çagalygyň meselelerine degişli bolan hem-de çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda Maşgala kodeksi, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda Kanuny görkezmek bolar. Maşgala ojagynyň abatlygy, berkararlygy ak öýleriň ýaraşygy bolan enelerimize bagly. Nurana ýüzli enelerimiz öýlerimiziň, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Çünki zenanlar — Watan buýsanjydyr.

Geldimuhammet ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ahal welaýat müdirliginiň Ak bugdaý etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com