Saglyk—başymyzyň göwher täji

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Saglyk—başymyzyň göwher täji» diýen at bilen geçirilen wagyz-ündew maslahatyna medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy ynsan saglygydyr. Adamyň beden we ruhy saglygy barada döwlet derejesinde bimöçber alada edil - ýär. Ýurdumyzda iň häzirki zaman keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleriniň, saglyk öýleriniň bolmagy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň körpeleriň hyzmatyna berilmegi jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk ornaşdyrylýandygynyň mysalydyr. Häzirki wagtda sporty ösdürmäge, adamlaryň saglygyny berkitmäge berilýän ünsüň buýsandyryjy netijelerini aýdyň görmek bolýar. Hal kymy zyň saglygyny goramakda hormatly Prezidentimiziň eserleriniň ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynda, beýleki derman ösümlikler bilen bir hatarda, üzärligiň ynsan saglygyny goramakda peýdasy barada hem gymmatly maglumatlar berilýär. Wagyz-nesihat çäresinde şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

 Nursoltan Depbiýewa.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com