BAGTYÝAR DÖWRÜŇ ZENANLARY

Änew şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Türkme­nis­ta­nyň Mil­li “Ak bug­daý” muze­ýin­de “Ar­ka­dag­ly he­mi­şe­lik Bi­tarap ýur­duň buý­sanç­ly ze­nan­la­ry” ady bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ahal we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, Türk­me­nista­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň, Türk­me­nista­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Ahal we­la­ýat bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­rama­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta zenan­lar gu­ra­ma­sy­nyň işeň­ňir ag­zala­ry, eda­ra-kär­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýän ze­nan­lar, mäh­rem ene­ler hem-de ta­lyp gyz­lar gat­naş­dy. “Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly­na ba­gyş­la­nan masla­hat­da ýur­du­myz­da ze­nan­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy, ne­ti­je­li zäh­met çekme­gi, ne­sil ter­bi­ýe­le­me­gi ba­bat­da edil­ýän ala­da­lar, dö­re­dil­ýän şert­ler, jem­gy­ýe­ti­miz­de ola­ryň or­ny, ze­nan sar­pa­sy dog­ru­syn­da tä­sir­li gür­rüň edil­di. Mil­li mi­ra­sy­my­zy şöh­rat­landyr­mak we wa­gyz et­mek, ýaş nes­li mil­li buý­sanç, ýo­ka­ry yn­san­perwer­lik duý­gu­syn­da ter­bi­ýe­le­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky gür­rüň­ler uly dyk­gat bi­len diň­lendi. Bu ugur­da ene-ma­ma­la­ry­myzdan gel­ýän asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­riň, däp-des­sur­la­ryň ter­bi­ýe mek­de­bidi­gi ha­kyn­da aý­dy­lan­lar has tä­sir­li bol­dy. Mas­la­hat­da bag­ty­ýar­ly­ga besle­nen döw­rü­miz­de mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň şöh­rat­ly däp­le­ri­niň ösdü­ril­ýän­di­gi, bu ne­pis sun­ga­ty döred­ýän çe­per el­li ge­lin-gyz­lar üçin aja­ýyp iş şert­le­ri­niň dö­re­dil­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­di hem-de mu­nuň üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyna al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy. Mas­la­hatyň çä­gin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan sergi bi­len ta­nyş­mak has-da gy­zyk­ly bol­dy. Mu­ze­ýiň eý­wa­nyn­da gu­ralan ser­gi­de we­la­ýa­ty­my­zyň dür­li ýe­rin­den ge­len ze­nan­lar el hü­näri­ne de­giş­li iş­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Aýdym-saz­ly çy­kyş­la­ra ut­ga­şan sergi ýaş­la­ry ga­dym­dan gel­ýän mil­li hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak­da, ola­ryň hü­när­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak­da äh­mi­ýet­li bol­dy. Onuň bar­şyn­da tej­ri­be­li ha­ly­çy­la­ryň el hü­nä­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da be­ren gür­rüň­le­ri ýaş­la­ra ýa­kym­ly duý­gu­la­ry peş­geş ber­di.

Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm