ZE­NAN MER­TE­BE­SI

Ata Wa­ta­ny­myz­da mäh­ri­ban ene-ma­ma­la­ry­my­za, ge­lingyz­la­ry­my­za sar­pa goý­mak, ola­ryň mer­te­be­si­ni be­lent tutmak, edep-ek­ra­my­na, durmuş ýö­rel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn söý­gi we hor­mat bi­len ga­ramak müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýar. Öý-ojak­la­ry­myzyň ýa­ra­şy­gy, dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lan ze­nan­la­ry­myz asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­lerden-ne­sil­le­re ge­çi­ri­lip kä­mil de­re­jä ýe­ti­ri­len däp-des­sur­lary­my­zy my­na­syp do­wam etdir­mek bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň dür­li pu­dak­la­ryn­da, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Myna­syp ne­sil ter­bi­ýe­si bi­ziň rowaç­lyk­la­ry­my­zyň göz­ba­şyn­da du­ran ze­nan­la­ry­my­zyň boýnu­na düş­ýän esa­sy borç­la­ryň bi­ri­dir. El­bet­de, zäh­met­de we dur­muş­da uly üs­tün­lik­ler gazan­ýan şeý­le ze­nan­la­ry­my­za biz buý­san­ma­ga we gu­wanma­ga hak­ly­dy­rys. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­satly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ze­nan­lary­my­zyň asu­da, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­magy, yh­las­ly zäh­met çek­me­gi, my­na­syp ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­gi üçin uly ala­da­lar edil­ýär. Ze­nan dur­mu­şyň gü­lü­dir. Görki gü­le ça­lym­daş ajap ge­lin-gyzla­ry­myz ýa­şaý­şy gö­zel­lik hemde my­la­ýym­lyk bi­len be­ze­ýär. Hal­ky­myz ze­nan­la­ry­ny ýü­zü­niň tu­wa­gy ha­sap­la­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ze­hin sa­hawa­tyn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tagzym» at­ly ki­ta­byn­da her bir ynsan üçin enä­niň mu­kad­des­li­gi, ze­nan mer­te­be­si ba­ra­da gi­ňişle­ýin be­ýan edil­ýär. Bu ba­batda Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kä­be­si Ogu­la­bat ene türk­men ze­na­ny­na nus­ga­lyk mek­dep bolup dur­ýar. Türk­men ze­nan­la­ry äh­li dö­wür­ler­de aý­ra­tyn mä­hir, söý­gi bi­len gur­şa­lan­dyr. Bu gün ata Wa­ta­ny­myz­da türk­men zena­ny­nyň ba­şar­ny­gy­na, uky­by­na uly ba­ha be­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de türk­men ze­nany dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ze­nan­lar durmuş-yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ha­lal zäh­met çek­ýär­ler. Türk­me­nis­tan­da döwlet jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ni ama­la aşyr­ma­gyň äh­li ugur­la­ryn­da zenan­la­ryň iş­jeň or­ny bar. Aýalgyz­lar jem­gy­ýet­de öz my­na­syp or­nu­na eýe bol­ma­ga, döw­let iş­le­rin­de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri alyp bar­ma­ga, giň de­mok­ra­tik esas­lar­da saý­law­la­ra gat­naşma­ga, saý­la­ma­ga we saý­lanma­ga in­tel­lek­tu­al ul­gam­lar­da öz dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mä­ge ähli müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len we şeý­le hu­kuk­lar ka­nun esa­syn­da ber­ki­di­len­dir. Şu al­nyp ba­ryl­ýan asyl­ly iş­ler Ber­ka­rar döw­le­ti­miziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ze­nan sar­pa­sy­nyň has be­lent­de durýan­dy­gy­ny aý­dyň­ly­gy bi­len subut ed­ýär. Mu­kad­des ene­ler — ýa­şaýşyň göz­ba­şy, yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry. Ene gö­rüm-görel­de mek­de­bi­dir. Biz ene­le­riň mäh­ri bi­len dün­ýä inip, ene söýgü­si bi­len ke­ma­la gel­ýä­ris. Her bir türk­men öý-oja­gyn­da enä­niň ter­bi­ýe­si­ne uýul­ýar. Ene gö­relde­si ter­bi­ýe ba­bat­da maş­ga­lanyň ag­zy­bir­li­gi­niň gö­nez­li­gi hasap­lan­ýar. Maş­ga­la abat­ly­gy­ny, öý-oja­gyň aba­dan­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän mäh­ri­ban ene­le­riň keşbi ýü­rek­ler­de mü­di­mi­lik na­gyşla­nan­dyr. Öz per­zen­di­ne uzak ýaş ar­zuw edip, ak bag­tyň ýolla­ry­na atar­ýan mäh­rem ze­nan ene­dir. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sille­re dur­muş­da öz or­nu­ny tapma­ga enä­niň be­ren mas­la­hatla­ry gym­mat­ly ýol gör­ke­zi­ji­dir. Maş­ga­la­da oja­gyň sö­ýe­si ze­nan ha­sap­lan­ýar. Maş­ga­la mu­kaddes­li­gi­ni go­rap sak­la­mak hem ze­nan­la­ryň mu­kad­des bor­jy bolup dur­ýar. Do­gan-ga­ryn­da­şyny, öý-oja­gy­ny, ýan­ýol­da­şy­ny, per­zen­di­ni söý­gi, mä­hir-mu­habbet bi­len gur­şap al­ýan ze­nan uly ab­ra­ýa eýe­dir. Ag­ras­ly­ly­gy, akyl­ly­ly­gy, edep-ek­ra­my il­kin­ji no­bat­da goý­ýan ata-ba­ba­la­rymyz ze­nan­la­ryň bo­ýu­ny aja­ýyp al­tyn-kü­müş şaý-sep­le­ri bi­len be­zäp­dir­ler. Şeý­le şaý-sep­le­ri da­ky­nan ze­nan­lar öz­le­ri­niň gözel­li­gi bi­len tö­we­re­gi­ni haý­ra­na go­ýup­dyr­lar. Ene mäh­ri­niň bar ýe­rin­de bagt, asu­da­lyk, ag­zybir­lik hö­küm sür­ýär. Diý­mek, adam­zat jem­gy­ýe­tin­de ze­na­nyň or­ny has ulu­dyr. Ze­nan üçin iň uly bagt — ene bol­mak bagt­ydyr. Yn­san üçin ene­den eziz, ene­den mäh­ri­ban adam ýok. Ene ýü­re­gi­niň mäh­ri, ene el­le­riniň ýy­ly­sy, enä­niň şi­rin hüw­düsi yn­sa­nyň kal­by­na ba­ky or­nan gym­mat­ly mu­kad­des­lik­dir. Ene­li dün­ýä — aja­ýyp dün­ýä. Enä­niň aras­sa päk kal­byn­dan çogup çyk­ýan hüw­dü­si mä­hir söýgü­si­dir, ýü­rek mu­ka­my­dyr. Enä­ni hor­mat­la­mak, enä­ni söý­mek Wata­ny söý­mek, dur­mu­şy söý­mek diý­mek­dir. Ze­nan ýü­re­gin­den çyk­ýan al­kyş­lar has üýt­ge­şik bolýar. Ol al­kyş­lar, ar­zuw­ly söz­ler yn­san ýü­re­gi­ni kö­ker­ýär. Mil­le­timi­ziň ulu­sy-ki­çi­si ze­nan sö­zü­niň gud­rat­ly güý­jü­ne be­lent sar­pa goý­ýar. Mu­nuň özi bol­sa, hal­kymy­zyň ru­hy taý­dan baý­dy­gy­nyň we uly bag­tyň ny­şa­ny­dy­gy­ny aňlad­ýar. Bar­ly­gy­my­zyň gül görk­li ze­nan­la­ry, si­ziň nur­dan do­ly nura­na, owa­dan ýü­zü­ňiz el­my­da­ma ýyl­gy­ryp dur­sun! Si­ziň ku­ýaş suwy ça­ýy­lan owa­dan ýü­zü­ňiz­de, mä­hir­den pü­re-pür göz­le­ri­ňiz­de göz­ýaş hiç ha­çan gö­rün­me­sin! Türk­men ene­le­ri­niň, türkmen ze­nan­la­ry­nyň maş­ga­la bag­ty­na gu­wa­nyp ýa­şa­mak­la­ry ug­run­da paý­has­ly sy­ýa­sa­ty bilen uly iş­le­ri bi­tir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öm­ri uzak, belent ba­şy aman bol­sun, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waçlyk­la­ra bes­len­sin!

Çemen KÖNÄÝEWA, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com