“Zenan mertebesi”

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan mertebesi” atly duşuşyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan mertebesi” atly duşuşyk maslahaty geçirildi. Duşuşykda ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini aýawly saklamak we dowam etdirmek barada täsirli gürrüňler edildi. Duşuşygyň dowamynda ýaş gyzlary terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda el işlerini, milli däp-dessurlarymyzy, arassaçylyk-ahlak kadalaryny wagyz edýän çäreleriň yzygiderli guralmagy uly ähmiýete eýe bolýandygy barada giňden nygtaldy.
Duşuşyk maslahata gatnaşanlar sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän hem-de Türkmenistan döwletimizi ak ýollar bilen ýokary üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýörite habarçy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com