Sagdyn jemgyýet — berkarar Watan

Şeýle at bilen golaýda Köneürgenç etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap we şäher guramalary etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Etrapdyr şäheriň edara-kärhanalaryndaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarynyň, kümüş saçly eneleriň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk çäresi halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala mukaddesligini berkitmek, ahlak arassalygyny, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirildi. Duşuşykda çykyş eden Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Annatuwak Kakaýewa, etrap we şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Maral Toýlyýewa, etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman kömekçisi Nurgözel Pälwanowa, etrap häkimliginiň RÝNÝ bölüminiň müdiri Akjagül Amannazarowa, etrap hassahanasynyň endokrinolog lukmany Gül ler Jumaýewa dagy halkymyzyň, hususan-da, ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagynda zenanlaryň hyzmaty, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, öňüni almak, bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltl i kitabynda beýan edilýän üzärligiň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Gülhumar HOJAHMETOWA, TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com