Halyçy zenanlar bäsleşdiler

Golaýda Daşoguz şäherindäki aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan joşup çykan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary esasynda ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda guralýan «Arkadagyň ylhamynyň nury sen, gözellik dessany türkmen halysy» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Onda Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň, Gubadag, Köneürgenç, Boldumsaz, Gurbansoltan eje adyndaky etraplaryň haly önümhanalarynda zähmet çekýän halyçy gyz-gelinler bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna laýyklykda «Haly — türkmeniň kalby», «El bilen döredilen gudrat», «Gözellik dowamaty» atly şertler boýunça bäsleşdiler.
Diýseň gyzykly hem-de çekeleşikli geçen bu bäsleşikde gyz-gelinler hormatly Prezidentimiziň ýiti pähimpaýhasyndan joşup çykan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda beýan edilen dünýä halyçylygynda tanalýan türkmen milli el halylarynyň we haly önümleriniň taryhyny, nusga-nagyşlarynyň gelip çykyşyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary şahyrana dilde wasp edip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçylary Nabat Begjanowa 1-nji orna, Dürli Begjanowa 2-nji orna, Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Zylyha Arazmedowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Haltäç BÄŞIMOWA, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com