Wagyz-nesihat çäresi

Etrek etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň, Ylym, bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygyny goramagyň ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler, ýaş nesilleri berk bedenli, sagdyn ruhly, edepli, terbiýeli, bilimli, maksada okgunly adamlar edip ýetişdirmekde maşgalanyň, mugallymyň orny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyldy.
Nurbibi Nazarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm