GYZ EDEBI — IL EDEBI

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebinde «Milli mirasymyz — egsilmez baýlygymyz» ady bilen şäheriň orta mekdepleriniň 10-njy synpynda okaýan gyzlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Hawa, millilik — ýüzümiziň tuwagy, hiç haçan könelmejek baýlygymyz. Ösüp gelýän ýaş nesliň zehin-başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek, şeýlelikde, olaryň millilige, sungata, bilime bolan höwesini yzygiderli artdyrmakda geçirilýän şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi ge¬ňeşiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi ge-ňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigi¬ň maksady bilimli, giň dünýägaraýyşly, medeniýetli, zähmetsöýer, watansöýüji, milli mirasa sarpa goýýan nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, okuwçy gyzlarda ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerine höwesi artdyrmakdan ybarat boldy. Bäsleşigiň birinji şertine görä, gyzlar topary türkmen halkyna mahsus salamlaşmak edebini ýerine ýetirdiler. Okuwçy gyzlaryň salamlaşmagy, rus, iň-lis, nemes, pars dilindäki çykyşlaryda uly şowhun bilen garşylandy. Bäsleşigiň ikinji şertinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eserlerindäki üzärlik, dagdan, sazak ösümlikleriniň mukaddesligi, türkmen milli düşünjesindäki orny, gadyr-gymmaty we ynsan saglygyna peýdasy, halkymyzyň arasynda bu ösümlikler bilen bagly däp-dessurlar, yrym-ynançlar barada çeper dilde beýan edildi. Bäsleşigiň şertine görä, her topardaky gyzlaryň bu ösümlikleriň däp-dessurlarda, yrym-ynançlarda ulanylyşy bilen baglanyşykly çeper okaýyşdyr tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýerine ýetiren sahnalary diýseň täsirli boldy. Bäsleşigiň üçünji şerti milli el işleri bilen bagly boldy. Okuwçy gyzlaryň has hem keşdedir kanwada ýerine ýetiren el işleri köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Bäsleşige gatnaşan her topardan bir gyz bu ugurdan özüniň ussatlygyny görkezdiler. Olar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň nyşanyny kanwada ýerine ýetirip, emin agzalarynyň «berekellasyna» mynasyp boldular. Bäsleşikde çykyş eden okuwçy gyzlar onuň şertine görä, el işlerini taýýarlamakda, goşgy okamakda, dutar çalmakda, aýdym aýtmakda, tymsaldyr rowaýatlar esasynda sahna oýunlaryny görkezmekde bir-birinden kem galmadylar. Şeýle-de bolsa, olaryň arasynda has tapawutlanyp, owadan çykyşlary bilen köplere lezzet paýlan gyzlar bäsleşigiň ýe¬ňijileri boldy. Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň gyzlar topary öňdeligi eýeläp, ýe¬ňiji boldy. Baş baýraga bolsa şu mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mähri Amanowa mynasyp görüldi. Birinji orna Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň gyzlar topary, el işi boýunça has tapawutlanan şu mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Merjen Gurbanlyýewa, ikinji orna Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň gyzlar topary hem-de milli nepis el işleri bilen aýratyn tapawutlanan 10-njy synp okuwçysy Laçyn Berdiýewa, üçünji orna bolsa, Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň topary, el işi boýunça has tapawutlanan 10-njy synp okuwçysy Aýnur Saparlyýewa dagy mynasyp boldular. Ýe¬ňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Öz owadan çykyşlary bilen ukyp-başarnygyny köpçülige ýetiren okuwçy gyzlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Mahlasy, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, hünäre ugrukdyrmakda şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Ene-mamalarymyzyň belent ruhy, pähim-parasady, öwütündewleri si¬ňen milli el işlerimiz hemmämiz üçin bahasyz gymmatlykdyr, geçmişden şu güne çenli gelip ýeten we geljekde-de dowam etdiriljek ajaýyp sungatdyr.
Sona DURDYÝEWA. «Türkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm