GADYMY HEM MÜDIMI SUNGAT

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgy¬ýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Haly türkmeniň gadymy hem müdimi sungatydyr» diýen at bilen maslahat geçirildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologi¬ýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeper¬ çilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we myhmanlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler milli mirasymyzyň, sungatymyzyň has-da ösmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan be¬ýik işleriniň dünýä ähmiýetlidigini belläp, gadymy sungatymyz bolan halyçylygy ösdürmekde, ylmy taýdan öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň tutuş halkymyzy buýsandyrýandygyny, mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowa¬ ýat», «Arşyň nepisligi» ýaly çuň many-mazmunly eserleriniň milli halyçylyk sungatyna, gyz-gelinlerimiziň el işlerine bagyşlanan ajaýyp kitaplardygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutarçylar aýdym saz toparynyň guran çykyşlary myhmanlaryň ruhuna ruh goşdy. Maslahatda milli mirasymyzy belentden sarpalaýan, ajaýyp halylarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýýan mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com