USSAT HALYÇY

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda «Arkadagyň ylhamynyň nury sen, gözellik dessany türkmen halysy» ady bilen yglan edilen bäsleşik Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Annasoltan Mämmedowa şowlulyk getirdi. Bu çeper elli halyçy bäsleşikde baýrakly üçünji orna mynasyp boldy. Annasoltan Mämmedowanyň ady ussat, çeper elli halyçylaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ýaşlykdan haly dokamagyň inçe tärlerini ele alan bu zenan zähmet ýolunyň 30 ýyla golaýyny Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynda geçirdi. Şol döwürde ol nepis halylaryň ençemesiniň dokalmagyna işjeň gatnaşdy, şägirtleriň onlarçasyny ýetişdirdi. Onuň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly, şeýlede «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Halyçylyk kärinden rysgal-döwlet tapan Annasoltan halyçy häzir hem gol gowşuryp oturmaýar, maslahat sorap gelýän ýaş gelin-gyzlara bu senediň inçe ýollaryny öwredýär, halypa-şägirtlik ýörelgelerine berk eýerýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlara, dürli bäsleşiklere höwes bilen gatnaşýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşigine gatnaşmagy ýüregine düwen Annasoltan halyçy onuň etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet tapgyryna gatnaşdy. Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyr onuň üçin uly synaga öwrüldi. Ol Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çeper elli halyçylar bilen birlikde, bäsleşigiň «Haly — türkmeniň kalby», «El bilen döredilen gudrat», «Gözellik dowamaty» diýlip, atlandyrylan şertleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdi. Ussat halyçy çykyşlarynyň üsti bilen, diňe bir şahsy başarnygyny däl-de, zähmetsöýerligi, zenan edebini, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus asylly gylykhäsiýetleri açyp görkezmäge çalyşdy. Hünär ussatlygy, başarnygy oňa nobatdaky üstünligi getirdi. Biz hem hünärinden kemal tapan ussat halyça mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýäris!
Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm