Ene — keramat

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly nurana kitaby esasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda bu ýokary okuw mekdebinde ylym-bilim alýan talyp gelin-gyzlaryň arasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara professor mugallymlar, talyp ýaşlar, eneler gatnaşdylar. Joşgunly dabarada zenanlar, Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda gyz-gelin edebi, halallyk, çaga terbiýesi, ene-mamalarymyzdan bize miras galan el işleri dogrusynda giňden gürrüň edildi. Şeýle hem mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan maşgala mukaddesligi hakyndaky ajaýyp setirler joşgunly ýaňlandy. Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren eneleri, asuda, parahat ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary dabara ruhubelentlik çaýdy.

Dursun HOJATOWA, «Aşgabat».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com