HABARLAR

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 27-nji maýynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, çaganyň irki ösüşini, nesil terbiýesini, milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň ýazgysy geçirildi.

Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramak, aýratynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn we düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Şu günki söhbetdeşligimizde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Şasenem Hekimowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Täzegül Täçmämmedowa, Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Oguljan Berdiýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Maral Nuryýewa berkarar döwletimiziň abadançylygy, halkymyzyň parahat, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş neslimiziň döwrebap, sazlaşykly terbiýe alyp, arassa ahlakly, bilimli, sagdyn, ylymyň soňky gazanalaryndan habarly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleri we çaganyň irki ösüşi barada täsirli gürrüňler etdiler. Duşuşygyň dowamynda ýetip gelýän ýaş nesillerimizi terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, arassaçylyk-ahlak kadalaryny, wagyz edýän çäreleriň yzygiderli guralmagy uly ähmiýete eýe bolýandygy barada giňden nygtadylar.
Tegelek stoluň ýazgysyna gatnaşanlar ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän hem-de Türkmenistan döwletimizi ak ýollar bilen ýokary üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com