“Haly el bilen döredilen gudrat”

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 30-nyi maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Haly el bilen döredilen gudrat” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halysynyň abraý-mertebesi dünýä doldy. Ol ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbyndan syzylyp çykan sungatdyr. Hormatly Prezidentimiz ellerinden dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyň dokan ajaýyp halylaryna uly baha berýär.
Ýurdumyzyň halyçylarynyň ussatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen eziz Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan joşup çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary esasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Haly el bilen döredilen gudrat” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Bu masalahata ýurdumyzyň halyçylary, muzeý işgärleri we edara-kärhanalaryň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlar haly syngatyna siňen türkmen halkynyň taryhy, ajaýyp tebigatymyz barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Dabaraly masalahata gatnaşanlar asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz bolan haly sungatymyza aýratyn üns berip, şan-şöhratyny belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com