“Zenan kalbyndan dörän nepislik nesillere görelde”

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 30-nyi maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan kalbyndan dörän nepislik nesillere görelde” atly teleýazgy geçirildi.

Ajaýyp ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli mirasymyza belent sarpa goýlup, olary düýpli öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr.
Halyçy zenanlarymyzyň şahsy başarnyklaryny wagyz etmek, ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen Mähriban Arkadagymyzyň ýiti pähiminden joşup çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary esasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan kalbyndan dörän nepislik nesillere görelde” atly teleýazgy geçirildi.
Ýazgyda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen halyçy zenanlarymyz halyçylyk sungatynda ýetilen sepgitler, inçe syrlar, ajaýyp nagyşlar, gadymy göller barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Baýramçylyk ýazgysyna gatnaşanlar asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz bolan haly sungatymyza aýratyn üns berip, şan-şöhratyny belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com