“Bitarap dowletiň bagtyýar maşgalalary”

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bol-elin eşretli durmuşda ýaşaýan bagtly maşgalalaryň arasynda “Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry  geçirildi.

      Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösýär, özgerýär, her bir senämiz şanly wakalara beslenýär.  Munuň özi eziz Watanymyzyň nurana geljegi we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.                     

      Eşretli zamananamyzy, bagtly durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry  geçirildi. Bäsleşik 3 sany şertden ybarat bolup, oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen maşgalalar gatnaşdylar.  Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalarynyň netijesinde maşgala mukaddesliginiň goralmagyny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany, Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleriniň maşgala mukaddesligini berkitmekde tutýan ornuny uly buýsanç bilen beýan etdiler.

        Halkymyz has-da jebisleşip, ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Bäsleşen maşgalalar her bir maşgala ojagynda ýurdumyzy şeýle belentliklere ýetiren, durmuş eşretlerini döredip beren Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

O.Gandymowa    

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com