MILLI RUHA BESLENDI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlarynyň barşynda çöregiň, tamdyryň mukaddesligi, tamdyra çörek ýapmagyň mukaddes iş hasaplanylýandygy, halkymyzyň dürli görnüşli çörek önümlerini we tagam taýýarlamakda nusgalyk ýolunyň bardygy, şeýle-de zenanlaryň yhlasly tagallasy netijesinde nusgalyk el hünärleriň ösdürilýändigi, nusgalyk ýörelgeleriň nesilden-nesle geçirilip, barha kämilleşdirilýändigi hem-de ýagşy dessurlaryň mundan beýläkde dowam etdirilmelidigi bilen baglanyşykly aýdanlary bagtyýar halkymyzyň, aýratyn-da, türkmen zenanlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de bu guramanyň Ahal welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa kärendeçi zenanlaryň birnäçesi, mährem eneler we gelin-gyzlar gatnaşdy.
Saz-söhbetli dabarada bereketli saçagyň başyna ýygnananlar ýurdumyzda zenanlara goýulýan Bitaraplygyň mekany» ýylynda dänäniň bol hasylyny ýetişdirip, bu babatdaky tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde gelen öňdebaryjy kärendeçi zenanlaryň gürrüňleri has-da täsirli boldy. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Ogultäç Orazberdiýewa 10 gektar kärende ýerinden guşgursak ak bugdaýyň hasyllylygyny 40 sentnere çenli ýetirip, uly girdeji alandygy dogrusynda aýtdy. Şol daýhan birleşiginden 72 ýaşly kärendeçi Jeren Akjanowa ömrüni daýhançylyga baglandygyny, galsarpa, işlemäge, döretmäge we päk zähmetiň bilen baýamaga döredilen şertler barada buýsançly gürrüň etdiler. «Türkmenistan —
ladan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden hasyllylygy ýylyň-ýylyna 54 sentnere ýetirendigini belläp, daýhana berýän goldaw-hemaýaty üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini beýan etdi. Onuň ýolbaşçylyk edýän topary şanly ýylda kabul ediş nokatlaryna 870 tonna derek, guşgursak ak bugdaýyň 910 tonnasyny tabşyrdy.
Meýdan düşelgesinde giň gerim alan dabaranyň dowamynda welaýat medeniýet merkeziniň zenan bagşylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary daýhanlaryň päk zähmete bolan hyjuw-yhlasyny goşalandyrdy. Şirin owazly aýdym-sazlar astynda gelin-gyzlaryň hamyr ýaýyp, çörekdir külçe, pişme, çapady taýýarlamagy, şeýle-de milli tagamlaryň taýýarlanylyşy dogrusynda ol ýere ýygnanan ýaş gelin-gyzlara gürrüň berýän pursady has-da gyzykly boldy. Bu dabara jogapkärli orak möwsüminde daýhan zenanlaryň armasyny ýetirmek babatynda hem örän ähmiýetli boldy.
Akgözel HOJALYÝEWA,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm