TAMDYR ÇÖREGINIŇ SARPASY

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen bu maslahata welaýatymyzyň dürli edara-kärhanalarynda, saglyk, bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary baradaky aladalaryna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda welaýatymyza bolan iş saparynda ekin meýdanynda gelin-gyzlarymyzyň milli tagamlary taýýarlamakda ýerine ýetirýän işleri bilen ýakyndan tanşyp, olar bilen söhbetdeş bolandygyny aýratyn buýsanç bilen belledi.
M.Mämmedowa gadymdan gelýän milli mirasymyz, edim-gylymlarymyz dogrusynda söz açyp. tamdyr çöreginiň mukaddesligi, maşgalada tamdyr odunyň alawlap, her bir öý bikesiniň tamdyr çöregini bişirip bilmelidigi, mele-myssyk çöreklerimiziň saçaklarymyza rysgal-bereket bolup dolýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra tamdyr çöreginiň bişirilişi barada Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Şirinjemal Hapadyýewa ene ýüregindäki öwüt-ündewleri bilen çykyş etdi. Ol çöregiň tagamly bolmagy we oňat bişmegi üçin esasy hamyrmaýany ynjamajak ýerde saklamalydygyny nygtap-nygtap aýtdy. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa hem öz çykyşynda Arkadag Prezidentimiziň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize belent sarpa goýýandygyny aýtmak bilen, ýurdumyzda rowaç alýan beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň etdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dowamly el çarpyşmalaryň astynda Beýik Ogly dünýä beren Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejä alkyş aýtdylar.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahuk jahan».
SURATLARADA: maslahatdan pursatlar. Suratlary düşüren Şamyrat AMADüW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com