PIKIR ALYŞDYLAR

Ýakynda Türkmengala etrabynyň medeniýet öýünde etrap zenanlar guramasy tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň bilim, medeniýet bölümleriniň, saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de un we unaş kärhanasynyň zenanlar guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde etrap zenanlar guramasynyň başlygy Aýsoltan Imamgulyýewa, etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap hassahananyň näsag göwreli aýallar bölüminiň müdiri Aýnabat Hangeldiýewa, un we unaş kärhanasynyň hünärmeni Sülgün Gurdowa, etrapdaky 25-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülşat Annaşaýewa, etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugunyň başlygynyň orunbasary Gülnar Atanyýazowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda çöregiň mukaddesligi, oňa goýulýan sarpa barada aýtdylar. Şeýle-de, ynsan saglygy, ýokanç kesellerden daşda durmak hem-de edep-terbiýe barada giňişleýin durup geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny hem-de alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagy arzuw edildi.

Şemşat SAÝLYÝEWA.«Maru — şahu jaltan».
SURATLARDA: wagyz-nesihat çäresinden pursatlar.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm