Zenanlar guramasynda MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gaýrat geňeşligindäki oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň çäklerinde milli däp-dessurlarymyz, ýörelgelerimiz, olaryň ýaş nesli halkymyzyň asyrlar boýy döreden gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada zenanlar bilen bolan söhbetdeşliginden gelip çykýan netijeleri ara alyp maslahatlaşmaga, ýürek buýsançlaryny paýlaşmaga bagyşlanan maslahata TZB-niň welaýat bölüminiň, şäher we etrap guramalarynyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de şu etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Akjemal Durdyýewa açdy we hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzda zähmet adamlary bilen duşuşmagynyň, olaryň iş, durmuş şertleri bilen tanyşmagynyň, degerli maslahatlaryny bermeginiň, zenanlaryň millilik häsiýetine ýugrulan däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, yzygider dowam etdirmekde, nesillere ýetirmekde alyp barýan işlerine hoşallyk bildirmeginiň welaýatymyzyň tutuş halkynyň kalbynda buýsanç duýgularyny artdyrandygyny belläp geçdi.
Soňra S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy, mährem ene Arazbibi Kulyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Almagül Nazarowa, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory Bahar Piriýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzalary Miwe Nuryýewa, Mährijemal Allamyradowa, institutyň 3-nji ýyl talyby Maral Kakabaýewa, Daşoguz şäherindäki 31-nji çagalar bagynyň aşpezi Gülruh Agylowa, 37-nji çagalar bagynyň aşpezi Aýnabat Pirjanowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň dürli milli tagamlary taýýarlaýan gelin-gyzlaryň ýanyna gelip, olaryň asylly işe goşant goşmagynyň ähmiýeti, bu däpleriň ýaşlarda zähmete söýgi duýgusyny ösdürmäge, olary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýändigi we bu babatda täsirli söhbetler edendigi uly buýsanç bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyz bilen bolan söhbetdeşligiň halkymyzyň gadymy hem milli däp-dessurlaryny, tagam taýýarlamak, maşgala ojagyny abat saklamak, zähmetkeşleriň sarpasyny belent tutmak ýaly asylly ýörelgelerini mundan beýläk hem dowam etdirmekde, ýaşlara öwretmekde uly itergi bolandygy buýsançly beýan edildi. Şeýle hem çykyş edenler milli gymmatlyklarymyza, olary dowamat-dowam etdirmekde zenanlara goýýan uly hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Hezret ÝAZBERDIÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com