GÜLÜŇ OWADAN

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary dowam edýär. Golaýda TZB-niň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda bu bäsleşigiň şäher tapgyry hem baý many-mazmunly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak hem-de bagtyýarlyk döwrümiziň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň başarnyklaryny açyp görkezmek maksadynda geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirdiler. Ýagny ýüň saýlap almak, saýmak. daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler, ýerli aýratynlygymyza görä, gadymy milli nagyşlary esasynda keçe gülläp görkezdiler. Şeýle hem keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, onuň gülleriniň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň üsti bilen beýan etdiler. Ýerine ýetirilen gysgajyk sahnalar hem göwün galkyndyryjy pursatlary emele getirdi. Bäsleşigiň bu tapgyry tejribe alyşmaga uly esas boldy, öwredijilik mekdebine öwrüldi. Netijede. welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Selbi Bekdurdyýewa üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanmagy başardy.
Yörite habarçymyz.

***
Bu bäsleşigiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap tapgyry hem täsirli boldy. Türkmen öýleriniň bezegi bolan gülli keçeleriň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny, zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri açyp görkezmek, milli gymmatlyklarymyza, tebigy gözellige, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna dürli pudaklarda zähmet çekýän çeper elli zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Olar keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri örän rejeli ýerine ýetirdiler, gadymy milli nagyşlary salyp keçe gülläp görkezmek bilen birlikde onuň taryhy bilen baglanyşykly gyzykly degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, etrapdaky 55-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Akmaral Işanberdiýewa ýeňiji bolup, bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkezinde hem şu bäsleşigiň etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Onda bellenilen şertleri ýerine ýetirmek boýunça etrabyň Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjysy Gyzylgül Hudaýnazarowa tapawutlanyp çykyş etdi. Bäsleşigiň ýeňijisine we oňa işjeň gatnaşan çeper elli zenanlara TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Annageldi BEKIÝEW, öz habarçymyz.

Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm