Asyrlardan aşan alaja

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Bir ak bilen bir gara, işseň bolar alaja» diýen at bilen geçirilen çärä dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Ýaşlarda ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine höwes döretmegi, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň nusgalaryny döwrebaplaşdyrmagy, gyzjagazlara heniz çagalar baglaryna gatnaýan döwürlerinden el işlerini, ak, gara sapaklardan alaja işmegi öwretmegi öwüt-ündew etmegi maksat edinen çärede zenanlar alaja işmegiň dürli görnüşleri barada gürrüň etdiler. Türkmen maşgalasynda gyzjagazlar aga-gara düşünip ugranyndan olara alaja işmek, örmek öwredilýär. Tikin işlerinde, keşde-nagyşlarda, haly-palaslarda hem hökman nagyşlaryň daşyndan alaja aýlanýar. Bu hem ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň arkama-arka aýlanyp, ýaş nesle ýetirilip gelinýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle bolansoň, gyzlaryň ýaşlygyndan çeper elli bolmagy gazanylýar. Muny halkymyz nakyllaryň, aýtgylaryň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ýetiripdirler. Hormatly Prezidentimiziň: «Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber» diýip, halkymyzyň paýhasly jümlesinden belleýşi ýaly, türkmen maşgalasynda kemala gelýän perzentleriniň hünärli, eli işli bolup ýetişmekleri barada hemişe alada edýär. Şeýlelikde hem, ýaş nesliň edepli, terbiýeli, aýratynam gyz çagalaryň özbaşdak durmuşa hemmetaraplaýyn taýýarlykly, el işlerine ezber bolup ýetişmekleri gazanylýar. Çärede şular dogrusynda nygtalyp, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesle ýetirmäge şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Bu ýerde guralan el işleriniň sergisi uly gyzyklanmalara eýe boldy.
Nursoltan Depbiýewa.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm