Öýlerimiziň bezegi—güli owadan keçeler

Her bir sungat ýönekeý zatlardan başlanýar. Ene-mamalarymyz el hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler. Wagtyň geçmegi bilen olar täze öwüşginlere beslenip, gitdigiçe kämilleşdirilipdir. Häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň döreden sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, döwrümiziň ösüşleri bilen sazlaşýar. Muny üstümizdäki «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda zenanlaryň arasynda geçirilen keçe bäsleşigi hem açyk-aýdyň görkezdi. Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň howlusynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Milli keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, gelin-gyzlarda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda peýdalanylýan gadymy gurallar, ulanylýan usullar barada aýtdylar. Keçe salmakda ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilişini gürrüň berdiler. Keçe üçin gerekli bolan güýz ýüňüni saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, pişgäni işmek, keçe ýazyljak gamşy taýýarlamak ýaly işleri birin-birin düşündirdiler hem-de şol işleri ýerine ýetirdiler. Berlen wagtyň dowamynda keçe güllemekde we basmakda birek-birekden kem durmadylar. Bir tarapy nagyşlanýan keçeler bilen iki tarapy nagyşlanýan keçeleriň tapawudy, olara salynýan nagyşlaryň görnüşleri hakynda gürrüň berdiler. Keçe hakyndaky aýtgylary, nakyllary, yrymlary, onuň nagyşlary, görnüşleri baradaky rowaýatlary aýtdylar. Keçä gerek bolan ýüňleriň boýaglarynyň tebigatymyzda ösýän ot-çöplerden alynýandygy barada ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten gyzykly gürrüňleri aýdyp berdiler. Ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratynam gyz çagalary el işlerini ýerine ýetirmegiň düzgünleri esasynda terbiýelän halkymyzyň durmuş hakykatlaryndan ugur alandyklaryny we şolaryň häzirem dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Öz gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan halkymyzyň milli mirasynyň naýbaşylary bolan haly-palaslarymyzyň, nagyşlarymyzyň, keçelerimiziň içgin öwrenilmegine, olara täze öwüşgin çaýylmagyna giň ýollary açan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Keçe güllemekde bäsleşen zenanlar ata Watanymyzy, ene topragymyzy, «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylyny, törümiziň bezegi bolan gülli keçelerimizi gazallarda, goşgularda, aýdym-sazlarda wasp etdiler. Bäsleşikde Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa birinji, Türkmenbaşy etrabynyň Gürje oba medeniýet öýüniň müdiri Orazbagt Arazgeldiýewa ikinji we Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülsoltan Öwezowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Nursoltan Depbiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm