Döwür we zenanlar guramasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bedew badyny berýän özgertmeler bu gün halkymyzyň ösen ýaşaýyş-durmuş derejesiniň beýgelmegine getirdi. Öz halkynyň aladasyny ilkinji nobatda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işler, tutumly başlangyçlar ýurdumyzyň her bir raýatynyň, şol sanda mähriban zenanlaryň durmuşyna-da öz täsirini ýetirmek bilen, olary berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň hatyrasyna öňde goýlan maksatlara öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar.
Dünýä mähribanlyk eçilýän enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň nurana keşbi, olaryň adatdan daşary mähribanlygy ähli döwürleriň we halklaryň mukaddes düşünjeleri bilen utgaşýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň asyrlaryň dowamynda türkmen maşgalalarynda emele gelen milli mukaddeslikleriň, pederlerimiziň miras galdyran iň gowy häsiýetleriniň we ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmeginde zenanlara möhüm orun degişlidir. Owadan dünýäniň göwher gaşyna, gül-gunçaly zeminiň lälesine deňelýän türkmen zenanlary milletimiziň öňden gelýän asylly däplerine laýyklykda, döwleti dolandyrmakda we halk häkimiýet edaralarynda mynasyp orny eýeleýärler, jemgyýetimizde bolup geçýän täzelenişe işeňňir gatnaşýarlar, ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, dürli jemgyýetçilik guramalarynda joşgunly zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň
ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyz zenanlaryň kanun taýdan goraglylygyna degişli meseleleri, has takygy jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, deňhukuklylygyň, azatlygyň we mümkinçiligiň prinsipini amala aşyrmak, ýaşaýşyň hilini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek ýaly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýer ýüzündäki gözelligiň nusgasyna öwrülen zenanlar barada alada etmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatyna laýyklykda işlemäge, ýaşamaga, dynç almaga mynasyp şertleriň döredilýändigi, iş haklarynyň yzygider ýokarlandyrylýandygy, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň kabul edilendigi, çagasy bolan enelere bir wagtlaýyn kömek pulunyň we çagasy üç ýaşyna ýetýänçä zähmet rugsadynyň berilýändigi, ýaş çatynjalara öý goşlaryny we durmuşda zerur bolan ilkinji nobatdaky wajyp zatlary satyn almak üçin ýeňillikleriň uly toplumynyň berilýändigi döwletimizde maşgala bagtyýarlygyny gazanmagyň düýp esasy bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň bagtyýar geljegi bolan kämil nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýlup, döwlet tarapyndan eneleri we çagalary goramaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesi kabul edildi. «Ene mähri» diýen hormatly ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere degişli sylaglaryň gowşurylmagy, olara durmuşyň köp ugurlary babatda ýeňillikleriň berilmegi, şeýle-de, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşantlaryny goşýan, köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çeken enelere «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy we beýleki sahawatly tutumlar zenanlar baradaky aladalaryň geriminiň çäksizdigine doly güwä geçýär.
Zenanlar bu gün dünýä medeniýetiniň taryhy-medeni mirasyny we gazananlaryny sazlaşykly ýagdaýda özünde jemleýän demokratik, hukuk, rowaçlyk gazanýan türkmen döwletiniň gurulmagyna işeňňir gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşigi täzeleniş döwrüniň häzirki döwrebap tapgyrynda zenanlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini gazanmak babatynda iş alyp barýan esasy guramadyr. Biziň welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumymyzyň ilkinji zenanlar guramasy hem bu babatda gaýragoýulmasyz işleri durmuşa geçirýär. Gurama toplumymyzyň açylan gününden döredilip, bäş ýyldan bäri hereket edýär. 01 özüne işjeň agzalaryň üç ýüzden gowragyny birleşdirýär. Guramany düzýän mugallymlar,
terbiýeçiler, terbiýeçileriň kömekçileri, lukmanlar, şepagat uýalary, kiçi hyzmat ediş işgärleri özleriniň halal hem tutanýerli zähmetleri bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri amala aşyrýarlar. Ene-atalaryň, okuwçylaryň arasynda guramamyzyň işjeň agzalarynyň guramagynda geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, maslahatlar, dürli ugurlara degişli bäsleşikler, sergiler toplumymyzda berjaý edilýän işleriň netijeliligini açyp görkezýär. Bu bolsa öz nobatynda hormatly Prezidentimiziň zenanlara bildirýän ynamyna iş ýüzünde amal edilýändiginiň durmuş hakykatydyr.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy wakalary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny äleme doldurýar. Şeýle belent tutumlara işjeň goşulyşmak tutuş halkymyzyň, şol sanda zenanlarymyzyň hem baş maksadyna öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal zähmetleri bilen gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýan zenanlaryň mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň töweregine mäkäm jebisleşip, berkarar Watanymyzy öňe, ösüşleriň täze menziline ýetirmäge işeňňir gatnaşjakdyklaryna ynamy has-da berkidýär.

Bahar PIRIÝEWA,
welaýat Saglygy dikeldiş
okuw-terbiýeçilik topluniynyň direktory,
Türknienistanyň Mejlisiniň deputaty.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com