tegelek stoluň başynda

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy döwründe ýetilýän sepgitleri, ene-mamalarymyzdan galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini şeýle hem saglyk syýasatyny wagyz etmek maksady bilen şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň merdana halkymyzyň sagdyn bolmagy, parahat, bolelin durmuşda asuda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ähli ugurlar babatda taryhy ösüşlere beslenýändigi. Milli ykdysatyýetimiz ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini gazanmak, ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwürmek bu gün özgertmeleriň baş maksady hökmünde durmuşa geçirilýändigi Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bagtyýarlyk döwrümizde ösüp gelýän ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber işleriniň amala aşyrylýandygy, şunda ýaşlarymyzyň milli ruhda terbiýelenmegine, il-güne, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýändigi, ata-bablarymyzyň ýiti pähim-paýhasy bilen kemala gelen milli däp-dessurlarymyz asyrlar aşyp, biziň günlerimize ýetip, bagtyýarlyk döwrümizde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk tertip düzgünlerini kadaly berjaý etmek barada gürrüň berdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TZBMG-niň baş hünärmeni
O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com