JEMGYÝETIŇ ÖŇDEBARYJY GÜÝJI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň saýasynda zenanlar aýratyn uly hormata mynasypdyr. Ýurdumyzda işlemäge, eşretli durmuşda ýaşamaga, döretmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan mümkinçilikler her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Zenanlaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy, olaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy üçin ykrar edilen oňaýly kanunçylyk kadalary döwletimizde zenanlaryň uly alada bilen gurşalýandygynyň subutnamasydyr. Zenanlaryň we çagalaryň hukuklarynyň kadalaşdyrylmagy, eneligiň we ýaş nesliň durmuş-ykdysady taýdan goraglylygy jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, syýasy ulgamda zenanlaryň sanynyň artmagy gatnaşygyň has ynsanperwer görnüşini, jemgyýetiň ahlak adatlarynda, gurluşynda oňyn özgertmeleri ýüze çykarýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Zenanlaryň önümçilige we ýurduň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýakyndan ýardam berilýär. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zenanlar jogapkärli wezipelerde işläp, döwrümiziň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün zenanlar Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň düzüminde mynasyp orny eýelemek bilen, kanunlaryň işlenip taýýarlanmagyna we kabul edilmegine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ösmäge uly mümkinçiligi bolan jemgyýetçilik güýji bolup durýar. Zenanlar birleşigi öz düzümine dürli hünärli we dürli ýaşly zenanlary birleşdirýär. Türkmenistanyň zenanlarynyň jemgyýetçilik hereketi täze özgertmelere, möhüm çözgütleri kabul etmäge erkekler bilen deň hatarda, deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde giňden gatnaşmaklarynyň gerimini giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň köpugurly işi zenanlaryň raýatlyk düşünjeleriniň kemala gelmegine, jemgyýetde olaryň durmuş işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Zenanlar bölümi tarapyndan alnyp barylýan işler zenanlara durmuş-hukuk ýardamyny bermäge, maşgalany durmuş taýdan goldamaga, eneligi we çagalygy goramaga, zenanlaryň hünär derejelerini, beden işjeňligini, ruhy we aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň zenanlary indi telekeçiligiň dürli görnüşlerinde zähmet çekip, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Eziz Watanymyzyň täze taryhy ýazylýan ajap eýýamynda dürli ugurlarda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, umuman ähli ulgamlarda zähmet çekýän aýal-gyzlar döwletimiziň uly sylag-serpaýlaryna mynasyp bolýarlar. Jemgyýetçilik gurluşynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini asyrlar boýy kämilleşdiren we wagyz eden ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ahlak däpleri täze döwrümiziň syýasatynda öz şöhlelenmesini tapýar. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer çärelerine gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmek boýunça dürli çäreler meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Zenanlar birleşiginiň agzalary ähli döwlet çärelerine işjeň gatnaşýarlar, ýurduň hemme maslahatlaryna wekilçilik edýärler. Zenanlar birleşigi döwlet syýasatynyň Türkmenistanyň zenanlaryna möhüm orun berilýän demokratik, hukuk, ösen döwleti, raýat jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen milli we halkara derejeli çäreleriň giden toplumynyň başyny başlaýjy we guramaçy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2015—2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça işleriň milli meýilnamasy» Zenanlar birleşiginiň ornuny has-da ýokarlandyrýar. Bu resminamada zenanlary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn ulgamy Zenanlar birleşiginiň üstüne ýüklenilýär. Milli Hereketleriň meýilnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we degişli halkara konwensiýalaryň esasy kadalaryna esaslanýar. Resminamada gender deňligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, gender deňliginiň ýörelgelerini ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça çäreler toplumynyň amala aşyrylmagy bellenildi. Meýilnama kanunçylyk taýdan ykrar edilen zenanlaryň we erkekleriň arasyndaky deňlik ýörelgelerini, aýallaryň jemgyýetdäki derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm guralyna öwrüldi. Bilim ulgamyndaky özgertmeleriň netijesinde ýurtda orta hünär, orta we ýokary bilim okgunly ösüşe eýe boldy, welaýatlarda bu düzümiň okuw edaralarynyň şahalaýyn toplumy döredildi. Olarda hemme hünär ugurlarynda diýen ýaly gyzlar bilim alýarlar. Bilim, saglyk, medeniýet, syýahatçylyk düzümlerinde, maliýe ulgamynda işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça orta hünär mekdeplerinde hem zenanlaryň paýy ýokary bolmagynda galýar. Şonuň bilen birlikde, senagat, gurluşyk, oba hojalygy, ulag ýaly ugurlar boýunça bilim alýan gyzlaryň sany barha artýar. Bu ýokary okuw mekdepler babatynda hem şeýledir. Başgaça aýdylanda, ýurdumyzda zenanlaryň hünär taýýarlygynda tebigy-ylmy we tehniki ugra has köp ýykgyn etmeklik, bu ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugruna laýyk gelýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge, maşgala lukmanlarynyň ýokary jogapkärçiligine möhüm ähmiýet berildi. Maşgala lukmanlarynyň ýarysyndan-da gowragynyň zenanlardygyny bellemek ýakymlydyr. Maşgala lukmanlarynyň möhüm wezipesi ýaşyna garamazdan, maşgalanyň her bir agzasyny sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmakda we temmäkini ulanmak, ýalňyş iýmitlenmek, az hereket etmek ýaly howply ýagdaýlaryň täsirlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen işlerinde ýüze çykýar. Öňüni alyş işleri geljek nesilleriň saglygyny, olaryň işe ukyplylygyny we ösen aňpaýhas başarnyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik berýär. Maşgala lukmanlarynyň, aýratyn-da, zenan lukmanlaryň işleri maşgalanyň reproduktiw saglygyny gorap saklamak meselelerinde sagdyn nesli dünýä indermek üçin saglygy goramagyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Jemgyýetçilik gurluşynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini asyrlarboýy kämilleşdiren we wagyz eden ata-enelerimiziň ahlak däpleri täze döwrümiziň ýörelgelerinde öz şöhlelenmesini tapýar. Zenana — enä sarpa goýmak türkmen halkynyň özboluşly aýratynlygy bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet tarapyndan köp çagaly eneleri aýratyn üns-alada we goldaw bilen gurşap alynýandygynda dowamat dowam bolýar. Jemgyýet hem olaryň nesli we halkyň taryhyny dowam etmek, ýurduň mynasyp raýatlaryny kemala getirmek ýaly beýik hyzmatlarynyň öňünde tagzym edýär. Zenanlar birleşigi tarapyndan maşgala ojagynyň mukaddesligini ýaýbaňlandyrmakda işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. «Ýylyň maşgalasy», «Sagdyn maşgala» ýaly yzygiderli geçirilýän bäsleşikler hem şol wezipeden gözbaş alýar. Zenanlar birleşigi tarapyndan welaýatyň dürli ulgamlarynda we pudaklarynda işleýän gyz-gelinleriň, mährem eneleriň gatnaşmaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ine, şeýle duşuşyklaryň ýakynda bolup geçenleriniň käbirini mysal hökmünde görkezmek mümkin. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ak bugdaý etrap bölümi tarapyndan Ahal welaýat kitaphanasynda bilim işgärleri bilen geçirilen «Terbiýe göreldeden başlanýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gökdepe etrap bölüminiň guramagynda mährem eneleriň, lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Saglygym — baş baýlygym» atly wagyz-nesihat duşuşygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Bäherden etrap bölüminiň «Saglygym — altyn jygam» ady bilen bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynda işleýän zenanlar bilen geçiren duşuşygy, bu Birleşigiň Tejen şäher bölüminiň «Iň mähriban zenan» atly maşgalada zenanyň orny baradaky söhbetdeşligi, welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Milli gymmatlyklarymyza buýsanýarys» ady bilen welaýatymyzyň aýal-gyzlarynyň arasynda guralan duşuşygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan «Sagdyn durmuş ýörelgeleri barada» ady bilen Babadaýhan etrabynyň bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlarynyň arasynda guralan söhbetdeşlik häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksady bilen geçirilýän çärelerdir. Bu duşuşyklar, bäsleşikler zenanlaryň maşgala ojagyny berkitmekde, ýaş nesilleriň sagdynlygyny goramakda, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşantlaryny görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan zenanlar owadanlygyň, edep-ekramyň, mylaýymlygyň, näzikligiň, mähremligiň nyşany bolup, jemgyýetçilik durmuşynyň işjeň güýjüne öwrülýärler, döwlet durmuşyna degişli işlerde hem döredijilikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Munuň üçin döwletimizde ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize eneleriň, gelin-gyzlaryň alkyşlary bu gün aýdym bolup ýaňlanýar.
Arzygül BERDIÝEWA,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Ahal welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com