Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini wagyz etmek maksady

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda her bir raýatyň parahat, asuda, erkin durmuşda ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döwrebap dynç almagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň juda jaýdar belleýşi ýaly, ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Türkmen halky ähli ulgamlarda gazanýan belent sepgitlerini ajaýyp toýdur baýramlar bilen utgaşdyrýar.
Halkymyz bu günki günde asuda, parahat ýurtda bagtyýar ýaşaýar. Şeýle belent zamanamyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik tele-ýazgysy geçirildi.
Tele-ýazga Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň uly mugallymy Annamuhammedowa Aýna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bölüm müdiri Melýäýewa Ogulbaýram, Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebiniň müdiri Nepesowa Aýjemal dagylar gatnaşdylar. Tele-ýazga gatnaşanlar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýudumyz ýylsaýyn gülläp ösýändigi, ähli ulgamlarda uly sepgitlere eýe bolunýandygy barada çykyş etdiler.
Ýazga gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com