Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

«Ajaýyp zamanamyzda türkmen zenanlarynyň millilik ýörelgeleri» diýen at bilen guralan söhbetdeşlikde mähek daşyna deňelýän gelin-gyzlarymyza döwlet derejesinde goýulýan sarpa, durmuşda olaryň paýyna düşýän jogapkärçilik, maşgala ojagyny berkitmekde, nesil terbiýesinde eneleriň orny dogrusynda gyzykly söhbet edildi. Bu ýerde çykyş edenler gaýyn-gelin gatnaşyklary, ajaýyp däp-dessurlarymyz, amaly-haşam sungatyny döretmegiň inçe syrlary barada hem pikir alyşdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com